- dürtmek
- işlik1) Bir zadyň ýiti ujuny bir ýere sançmak, sokmak.∙ Onuň tenine naýza dürtüp soranlarynda-da, «bilemokdan» başga jogap bermedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2) Bir zadyň ýüzüni deşik-deşik, dürtük-dürtük edip çykmak.∙ Çöregiň ýüzüni dürtmek.3) Ýere sanjyp ekmek, oturtmak.4) Biriniň böwrüne kakmak, duýdurmak.5) Göçme manyda Bir işi etmeklige ündemek, bir işi etmekligini duýdurtmak, ýatladyp durmak.∙ Şondan soň Öwez gapdalyndaky oturanyň böwrüne barmak bilen dürtüp, ikisi tirkeşip daş çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Heniz hem onuň ýoldaşlary eýlesinden-beýlesinden, dürtüp: -- Annaguly, aýagyňy düz, aňkarma! -- diýip goldap barýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem dürtmek - dürtdüm, dürtdüň, dürtüpdir.◊ dürtmeseň duýmaz — Özünden bilmez, aýtmasaň ýadyna düşmez.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.